Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen halkynyň durmuşynyň dürli ugurlary bilen birlikde medeni ulgamda, hususan-da, halkara medeni gatnaşyklarda asyrlara ýaň saljak işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň milli sungatymyzy dünýä ülňülerine laýyklykda ösdürmek baradaky tagallalary netijesinde ýurdumyzyň medeniýet işgärlerine, şonuň bilen birlikde ýaş sungat nesillerine täze-täze eserleri döretmäge, dürli ýurtlarda geçirilýän halkara festiwallaryna gatnaşyp, üstünlikli çykyş etmäge hem-de sahna eserleriniň üsti bilen milli medeni mirasymyzy giňden wagyz etmäge ähli şertler döredilýär.
2026-njy ýylyň 5-9-njy oktýabry aralygynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplaryndan ybarat döredijilik topary, TÜRKSOÝ-yň guramagynda Gazagystan Respublikasynyň Türküstan şäherinde geçirilen Türki dünýäsiniň IV halkara talyplar teatr festiwalyna gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler.

Ýurdumyzyň talyp ýaşlary bu halkara festiwalyna Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitaplary esasynda sahnalaşdyrylan «Bedew sarpasy» atly sahna eseri bilen gatnaşdylar.
Gyzykly wakalara, aýdym-sazlara beslenen bu sahna eserinde türkmen ýigidiniň behişdi bedewlere bolan söýgüsi, milli mirasymyzyň köpöwüşginliligi açylyp görkezilýär. Sahna eserinde baş gahrymanlar soltan Baýkaranyň, Myralynyň, Gülpamyň çeper keşpleriniň üsti bilen, sada oba adamlarynyň durmuşynda türkmen halkynyň milli buýsanjyna, gözelligiň we owadanlygyň ajaýyp nusgasyna öwrülen behişdi bedewleriň tutýan orny hem-de milli seýisçilik sungatymyza bolan hormat-sarpa beýan edilýär. Türkmen halky üçin ýigidiň goşa ganaty-myrady bolan atlaryň, ynsanyň tebigata bolan söýgüsiniň belentliginiň nyşany hökmünde janlandyrylýar. Halkara teatr festiwalyna türkmen ýaşlary bilen birlikde Azerbaýjandan, Gazagystandan, Özbegistandan, Gyrgyz Respublikasyndan talyplar teatrlarynyň döredijilik toparlary gatnaşdylar.
Festiwala Türkmenistandan emin agzasy hökmünde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň halk artisti Aşyrmyrat Gurbanow gatnaşdy.
Halkara talyplar teatr festiwalynyň jemleýji dabarasynda emin agzalary türkmen ýaşlarynyň görkezen sahna eseriniň sungat kämilligine aýratyn baha berdiler. Hususan-da, bu sahna eserinde bedewlere goýulýan hormat-sarpanyň ýokary derejede dabaralanýandygyny nygtadylar. Emin agzalarynyň gelen netijelerine laýyklykda, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplar toparynyň «Bedew sarpasy» atly sahna eseri Türki dünýäsiniň IV halkara talyplar teatr festiwalynyň «Milli mowzugyň iň gowy işlenen sahna eseri» atly ýörite baýragyna mynasyp boldy. Şeýle hem, ýurdumyzyň talyplar teatr toparyna halkara festiwalyna gatnaşandygy üçin festiwalyň kubogy, TÜRKSOÝ halkara guramasynyň hormat haty, Türküstan şäher häkimliginiň minnetdarlyk haty gowşuryldy.
Türkmen talyp ýaşlarynyň halkara festiwalynda behişdi bedewlerimizi wasp eden sahna eseri, türkmen halkynyň ruhy dünýäsini giňden dabaralandyrýan baý mazmunly sahna eseri hökmünde tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.
Türkmen ýaşlary halkara medeni çärelerine gatnaşyp, üstünlikli çykyş etmäge döredilýän ajaýyp mümkinçilikler üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar.
Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Teatrlar we tomaşa edaralary
bölüminiň başlygy.