logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HALKARA «TÜRKMEN ALABAÝ ITLERI» ASSOSIASIÝASYNYŇ V MEJLISI GEÇIRILDI

25-nji oktýabrda paýtagtymyzda Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyňV mejlisi geçirildi. Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen bu forum türkmen halkynyň milli baýlygy bolan edermen alabaýlaryň dünýädäki şan-şöhratyny has-da artdyrmaga gönükdirilen möhüm wakadyr.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezinde geçirilen mejlise ugurdaş düzümleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, assosiasiýanyň agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, sanly ulgam arkaly daşary ýurtly itşynaslar gatnaşdylar.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda gadymdan gelýän däp-dessurlarymyzy öwrenmäge hem-de dünýäde wagyz etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda milli itşynaslyk sungaty hem aýratyn orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde türkmen alabaýlarynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek, olary gorap saklamak we köpeltmek, taryhyny we tohum aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär.

Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy halkara guramalar we assosiasiýalar, ýuridik taraplar hem-de dünýäniň dürli ýurtlaryndan hususy itşynaslar bilen uzak möhletleýin we strategik hyzmatdaşlygy alyp barýar. Şunda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda ýurdumyz alabaýlary ösdürip ýetişdirmek boýunça milli däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek başlangyjyny öňe sürýär. Munuň özi halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen türkmen alabaýlarynyň at-owazasyny dünýä ýaýmaga uly ýardam berer.

...Forum başlamazyndan ozal, oňa gatnaşyjylar binanyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan amaly-haşam sungatynyň we fotosuratlaryň, halk senetçiliginiň, şekillendiriş sungatynyň, neşir önümleriniň, halyçylyk we heýkeltaraşlyk eserleriniň sergisini synladylar. Olarda türkmen alabaýynyň gahrymançylykly we wepaly keşbi çeper beýanyny tapyp, myhmanlarda uly täsir galdyrdy.


«Türkmenistan» gazeti