logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HALKARA ZENANLAR BAÝRAMY

HALKARA ZENANLAR BAÝRAMY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölüminiň gurnamagynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler häzirki döwürde 8-nji mart Halkara zenanlar baýramy ulydan bellenilýär. Hormatly Arkadagymyzyň belleýşi ýaly mähribanlygy we mylaýymlygy, wepalylygy, paýhasy gözelligi hem-de kämilligi özünde jemleýän türkmen zenanlaryna hormat sarpa goýulýar. Söhbetdeşlikde biziň ýurdumyzda zenanlara goýulýan sarpa, zenanlara berilýän şaserpaýlar hormatly Prezidentimizi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň berýän sowgatlary barada söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.