8-nji martda Söwdasenagat edarasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli berkarar Watanymyzyň ajaýyp gelin-gyzlarynyň hormatyna baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Dabaranyň hormatly myhmanlarynyň hatarynda köp çagaly eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, alymlar, medeniýet işgärleri, dürli ulgamlarda zähmet çekýän zenanlar, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň işgärleri bar.
Hormatly Prezidentimiz baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň enelerine, ähli gelin-gyzlaryna iberen Gutlagynda Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň halkara derejede bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu nurana baýrama bagyşlanyp, eziz Diýarymyzyň ähli obalarynda we şäherlerinde geçiriljek dabaralaryň göwünleri galkyndyryp, eziz Watanymyza söýgini, eşretli durmuşymyza, bagtyýar döwrümize buýsanjy has-da artdyrjakdygyna berk ynam bildirdi. «Türkmen zenany maşgalanyň sütünidir, ahlak gözelliginiň nusgasydyr, öý-ojaklarymyzyň ýaraşygydyr. Zenanlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli ýörelgelerimiz bolup, bu ajaýyp ýörelgeler bedew bady bilen ynamly öňe barýan demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň deňsiz-taýsyz ösüşleri gazanýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýär» diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Täze taryhy döwürde Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan zähmetsöýer zenanlarymyz milli ahlak gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy gorap saklaýjylar hökmünde döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýarlar. Olar dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýärler, telekeçilik işini alyp barmak bilen, ata Watanymyzyň belent sepgitlere, üstünliklere ýetmegine, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän oňyn özgertmeleriň amala aşyrylmagyna uly goşant goşýarlar.
«Türkmenistan» gazeti