logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HALKARA ZENANLAR GÜNI MYNASYBETLI DABARA

Şu gün Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününe, Garaşsyz Watanymyzyň şöhratly zenanlarynyň hormatyna bagyşlanyp açylan «Şekillendiriş sungatynda zenan waspy» atly baýramçylyk sergisine köp çagaly eneler, önümçiligiň öňdebaryjylary hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň gelin-gyzlary, medeniýet işgärleri, dürli pudaklaryň zähmetkeş zenanlary myhmançylyga geldiler. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçýän zenanlaryň ajaýyp baýramyna bagyşlanan sergi aýratyn many-mazmuna eýedir. Baý milli mirasymyzy aýawly gorap saklamakda we geljekki nesillerimize ýetirmekde türkmen zenanlarymyzyň hyzmaty uludyr. Zenanlarymyz biziň gazanýan ähli üstünliklerimize, ata Watanymyzyň kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.