logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HALKARA ZENANLAR GÜNI MYNASYBETLI «MILLI MIRASDA NUSGALYK ZENANLAR» ATLY WAGYZ-NESIHAT WE SERGILI ÇÄRE

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimligi, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen bilelikde gurnamagynda Halkara Zenanlar güni mynasybetli “Milli mirasda nusgalyk zenanlar” atly wagyz- nesihat we sergili çäre geçirildi.Wagyz-nesihat çäresine dürli pudaklarda zähmet çekýän zenanlarymyz,ak saçly enelerimiz gatnaşyp Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda asuda ýurdumyzda zenanlara goýulýan sylag-sarpanyň belentden tutulýandygy dogrusynda täsirli söhbet etdiler hem-de zenanlarymyzy wasp edýän ajaýyp goşgulary okap berdiler. Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza halkymyzyň abadan, asuda ýurtda ýaşap, zähmet çekmekleri ugrunda alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.