Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýaş talybynyň gatnaşmagynda ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 76–njy orta mekdebinde Halkara Zenanlar güni mynasybetli «Dünýäniň bar görki Enedir–Ene» atly aýdym sazly duşuşyk.
Duşuşygyň dowamynda kitaphana hünärmenlerimiz hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiniň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe enelere hormat goýmak, gelin gyzlarymyzy mertebelemekde döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan uly ähmiýetli işler barada giňişleýin gürrüň berdiler. Bahar ýaz ýaly zenanlarymyza bagyşlap mekdep okuwçylar birnäçe şygyrlary labyzly okap berdiler. Şeýle-de ýaz paslyna meňzeş gelin-gyzlarymyzyň , ýüzi nurly enelerimiziň waspyny ýetirýän aýdym-sazlar okuwçylar tarapyndan ýaňlandy. Duşuşygyň ahyrynda mähriban, zenanlarymyza çuňňur sarpa goýup, olara ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.