logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HALKLARYŇ DOSTLUGY DABARALANDY

HALKLARYŇ DOSTLUGY DABARALANDY

Baýramçylyk ruhuna beslenen Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky sazly-drama teatrynda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň, Daşoguz welaýat häkimliginiň we welaýat medeniýet müdirliginiň guramagynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli «Alpamyş» eposynyň türkmen mirasynda orny» atly dabaraly çäre geçirildi. Teatryň girelgesinde milli medeni gymmatlyklarymyz bilen bilelikde doganlyk özbek we gazak halklarynyň amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisiniň ýaýbaňlandyrylmagy maslahata gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy.

Maslahatda täze taryhy döwürde milli mirasymyzyň gadyr-gymmatynyň arzylanýandygy hakynda buýsançly çykyşlar dessançy bagşylaryň ýerine ýetirmeginde belent heňde ýaňlanan aýdym-sazlara, şowhunly tanslara beslendi. Dost-doganlyk dillerinde ýaňlanan şirin owazly aýdym-sazlar ýurdumyzda parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanýandygyny ýene bir gezek äleme äşgär etdi. Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artistleriniň baý many-mazmuna beslenen çykyşlary, «Alpamyş» eposyndan sahnalaşdyrylan görnüşler dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Maslahata gatnaşyjylar milli-medeni mirasymyzyň, şöhratly taryhymyzyň bütin dünýäde dabaralanmagy, geljekki nesillere aýawly ýetirilmegi ugrunda uly işleri amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýtdylar.