Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäniň öňdebaryjy we okgunly ösýän döwletleriniň hatarynda bolmak bilen, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda, goňşy we beýleki ýurtlar bilen medeni-ynsanperwerlik ugurlar boýunça gatnaşyklary has-da ösdürýär. Taryhy döwrümizde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen özara hyzmatdaşlygy döredijilikli we ynanyşmak häsiýetine eýe bolup, birek-birege hormat goýmak esasynda yzygiderli ösdürilýär. Muňa golaýda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynda geçirilen Medeniýet günleri hem aýdyň şaýatlyk edýär. Bu ýerde türkmen medeniýetiniň, sungatynyň naýbaşy nusgalary bolan milli gymmatlyklarymyz giňden ýaýbaňlandyryldy. Islendik döwletiň ykdysady kuwwaty, şol döwletiň ylymdyr bilime, kitapdyr kitaphanalara berýän ünsünde aýdyň görünýär. Aýdylanlardan ugur almak bilen, Medeniýet günleriniň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň «Библиотека иностранной литературы» kitaphanasyna türkmen wekilleri baryp, kitaphana ulgamynda alnyp barylýan işler babatda söhbetdeş boldular. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur manyly eserleriniň rus diline terjime edilen kitaplary sowgat berildi. Olar hem, öz gezeklerinde kitaphanalarynyň adyndan «Книжные памятники в аспекте сохранности» atly kitaby sowgat berdiler. Halk arasyndaky «Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer» diýen nakyla eýerip, bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur manyly eserleri dünýä ýüzüne ýaň salýar.
Ajaýyp döwürde, bagtyýar durmuşda ýaşamagymyz üçin dünýäniň ähli künjeklerinde, türkmen medeniýetini dünýä ýaýmagymyza ähli şertleri döredip berýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, amala aşyrýan döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!