Bedew bady bilen ynamly öňe barýan berkarar Watanymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ylynda kalbyňy buýsanja besleýän wakalar bilen badalga aldy. Berkarar döwletimizde halkymyzyň göwün buýsanjyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň şan-şöhraty bu gün dünýä dolýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Diýarymyzyň her bir güni toýdur-baýramlara beslenýär. Her ýylda aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy uludan bellenip geçilýär. Ahalteke bedewiniň baýramy mynasybetli at çapyşyklary, bedewleriň arasynda gözellik bäsleşikleri gurnalýar.
“Mary” myhmanhanasynda Bedew baýramyna bagyşlanyp Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi sergisi guraldy we “Halkymyzyň bagty - türkmen bedewi” söhbetdeşlik geçirildi. Sergide görkezilen gymmatlyklar bedewiň halkymyzyň tutuş taryhynyň dowamynda syrdaşy bolandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Şol eksponatlaryň arasynda bäş müň ýyl mundan ozal gadymy Marguş ýurdunyň ýaşaýjylarynyň taýýarlan ýönekeý heýkeljiklerinden başlap, orta asyr döwürlerindäki ussalaryň ýasan ajaýyp keramiki at heýkeljikleri, neçjarçylyk sungatyna degişli esbaplar, kümüşden ýasalan at bezegleri, haly önümleri bar. Bu gymmatlyklar edermen türkmen ýigitleriniň ýüzýyllyklaryň dowamynda wepaly ýoldaşy we taýsyz dosty bolan bedewe aýratyn hormat-sarpa goýlandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Söhbetdeşligiň mazmuny Türkmeniň behişdi bedewleri hakynda boldy. Onda täze eýýamda ajaýyp behişdi bedewleriň öçmejek şöhratynyň täze belentliklere galyp, has-da uly güýç bilen nur saçyp, halklaryň abadançylygynyň, Ýer ýüzünde dostlugyň we parahatçylygyň bähbidine beýik maksatlara tarap biziň ýollarymyza şugla saçýandygyny buýsanç bilen nygtap bileris diýlip, çykyşlarda aýratyn nygtaldy.
Gahryman Arkadagymyzyň hemaýaty bilen hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda atşynaslara döwrebap şertler döredilýär. Ýaşlarymyz hem şeýle ajaýyp mümkinçiliklerden peýdalanyp,Watanymyzyň ösüşine özleriniň mynasyp goşandyny goşmak üçin arman-ýadaman zähmet çekýärler. Ähli ösüş-özgerişleriň, ýetilýän belent sepgitleriniň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak,belent başlary aman bolsun!