logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HALKYŇ HAKYDASY

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda her ýylyň 6-njy oktýabrynda bellenilýän Hatyra Hatyra gününe bagyşlap «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumunda «Aşgabat» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde «Halkyň hakydasy» atly söhbetdeşlik geçirdi. 1948-nji ýylda Aşgabat ýer titremesinde şehit bolanlaryň, ata Watan, mukaddes ene toprak, häzirki nesilleriň bagtyýar we erkana durmuşda ýaşamagy üçin şirin janyny pida edip gaýduwsyzlygyň beýik nusgasyny görkezen gerçekler ýatlanylýar. Gahryman gala Gökdepäniň duşmanyň aşa agdyk güýjünden hem heder etmän, gylyç gemren türkmen gerçekleri gaýduwsyzlygyň belent nusgasyny görkezdiler. 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda bolsa faşizme garşy türkmeniň men-men diýen merdana ýigitleri ýürekleriniň emri bilen fronta gitdiler. Watanyň azatlygy, asudalygy ugrundaky söweşlerde bir ädim hem yza tesmän deňsiz-taýsyz gahrymançylyk görkezen esgerler, özleriniň atlaryny müdimilik şan-şöhrata beslediler. Bugünki gün ähli şehitlerimiziň ruhuna sadakalar berlip, aýat-dogalar okalýar. Ine bular dogrusynda giňişleýin gürrüňler edildi.

Söhbetdeşligimiziň ahyrynda geçmişine buýsançly, şu gününe begençli halk hakydasyny galkyndyrýan Gahryman Arkadagymyza we milli däp-dessurlarymyzy sarpalaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsunlar beýan edildi.