logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HALKYŇ KALBY BOLUP DÜNÝÄ ÝAŇ SALÝAR, TÜRKMEN MEDENIÝETI, TÜRKMEN SUNGATY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy, Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Halkyň kalby bolup dünýä ýaň salýar, Türkmen medeniýeti, türkmen sungaty» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halky milli öwüşginlere baý medeniýeti, täsin owazlara beslenen aýdym-sazlary, folklory, belent sungat derejesine ýetirilen zergärçiligi, küýzegärçiligi, halyçylygy, atşynaslygy bilen umumyadamzat medeni–ruhy gymmatlyklary hem-de medeniýetimiziň we sungatymyzyň has-da pajarlap ösmegi ugrunda bimöçber tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen, günsaýyn kuwwatlanýan ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan sungat baýramçylyklary barada, şeýle-de öz halkynyň beýik söz ussady, akyldary Magtymguly Pyragynyň bize goýup giden edebi mirasy, türkmen halkynyň milli baýlygydygy barada çykyş etdiler.

Çäräniň ahyrynda Milli medeniýetimizi, taryhy şahsyýetlerimizi we milli mirasymyzy giňişleýin öwrenmäge we ony dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.