logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Halkyň kalby bolup dünýä ýaň salýar, türkmen medeniýeti, türkmen sungaty

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasy bilen Gypjak medeniýet öýleriniň bilelikde guramagynda «Halkyň kalby bolup dünýä ýaň salýar, türkmen medeniýeti, türkmen sungaty» ady bilen Bagtyýarlyk medeniýet öýünde wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde däp bolan medeniýet hepdeligi her ýylyň 22-27-nji iýun aralygynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uly dabara bilen bellenilýändigi hakynda çykyş etdiler. Şeýle-de medeniýet halkyň ruhy baýlygy, geçmişi bilen geljegini baglanyşdyrýan gymmatly mirasdygy barada gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda türkmen medeniýetiniň, sungatynyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegi ugrunda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.