logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HALKYŇ SAGLYGY-DÖWLETIŇ BAÝLYGY

Bütindünýä Saglyk güni ynsan saglygyna, bedenterbiýe we sporta aýratyn ähmiýet berilýän hem-de ynsanperwerligiň belent däplerini dabaralandyrýan halkara baýramdyr. Şonuň üçin her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz edýän dürli çäreler geçirilýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli «Halkyň saglygy — döwletiň baýlygy» atly sergi gurnaldy.
Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýewgeniýa Adamowanyň «Donorçylar», Çary Amangeldiýewiň «Türkmenistanyň ylymlar akademiýasynyň akademigi Boris Smirnow», Annadurdy Almämmedowyň «Futbolçylar», Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Nyýazmyrat Dowodowyň «Medisina ylymlarynyň doktory, professor Aýsoltan Mämmetgulyýewa», «Şepagat uýasy» ýaly ajaýyp nakgaş eserleri görkezilýär.