logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HALKYŇ SAGLYGY – ÝURDUŇ BAÝLYGY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 76–njy orta mekdebiniň bilelikde guramagynda «Halkyň saglygy – ýurduň baýlygy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Çärede çykyş edenler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at- myradyň mekany” ýylynda sagdyn nesil – kuwwatly Watan, beden taýdan berk, ruhy taýdan kämil we belent maksatlara okgunly ýaşlarymyz döwletimiziň sarsmaz sütüni bolup, sagdyn durmuş ýörelgesiniň ýurdumyzda milli gymmatlyga öwrülmegi rowaçlyklaryň we ösüşiň iň ygtybarly kepili bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Alym Arkadagymyzyň dermanlyk ösümlikler barada häzirki zaman lukmançylygynyň dünýä tejribesinde gazananlarynyň üstüni ýetirýänligi, dermanlyk ösümlikleriniň ylmy esasda öwrenilişini, olaryň melhemlik häsiýetlerini ajaýyp kitaplarynyň üsti bilen türkmen halkyna ýetirenligi barada belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda Türkmenistan Watanymyzda raýatlaryň eşretli, bagtyýar, sagdyn durmuşda ýaşamaklary, esasan hem ýaş nesillerimiziň sagdyn kemala gelmekleri, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmekligi babatda döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.