«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda merdana halkymyz Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk şanly toýuny uly zähmet üstünlikleri bilen giňden belleýär. Mukaddes Garaşsyzlyk ýaş nesiller üçin hem bagtyň gapysyny giňden açdy. Olara okamaga, öwrenmäge, şol sanda dünýäniň ösen ýurtlarynda-da döwrebap bilim almaga, zehin-başarnyklaryny doly açyp görkezmeklerine, Watanymyzy gülledip ösdürmäge öz goşantlaryny goşmagyna örän uly mümkinçilikler döredi.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge, halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini has-da berkitmäge ýakyndan gatnaşýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň hemmetaraplaýyn ösmegine ýardam bermek boýunça degişli işleri durmuşa geçirýär. Halk demokratiýasynyň bu kadasy ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda mynasyp orny eýeleýär. Raýatlarymyzyň watan söýüjiligi, häkimiýet bilen halkyň mizemez bitewüligi bolsa döwlet durmuşynyň binýady, kämil jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň esasy bolup durýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda häkimiýet bilen halkyň, döwlet bilen jemgyýetiň arabaglanyşygyny has-da pugtalandyrmak babatda tagalla edilýär.

Türkmen halky üçin ykbal kesgitleýji iň möhüm, iň bagtly sahypalarynyň biri hem mukaddes Garaşsyzlygyň gazanylmagydyr. Bu ähmiýetli waka mynasybetli, Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjy wekiller Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýini görmäge geldiler. Myhmanlaryň ilkinji syýahatlary türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň on barmagynyň hünäri bolan, Döwlet muzeýinde aýawly saklanylýan gyzyl kürtäni, gülli joraby, alaja we alaja işmekdäki iş guralyny synlamak bilen başlandy. Muzeýiň hünärmenleri myhmanlara türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan şöhratly taryhy barada, behişdi bedewleriň ýyndamlygy, gözelligi barada, türkmen topragynyň tebigy baýlyklary we etnografiýa bölüminde bar bolan XIX asyryň ahyry XX asyryň başy bilen milli gymmatlyklary barada gyzykly gürrüňleri berdiler. Ýaşulular geňeşiniň agzalary muzeýe aýlanyp görüp, muzeýde saklanylýan gymmatlyklaryň ýaşlaryň aňynda terbiýeçilik, wagyz-nesihat, ösüp gelýän ýaş nesillerimizi goldamak babatda agzybirligimizi pugtalandyrmaga, milli bitewüligimizi berkitmäge, watansöýüji nesilleri kemala getirmäge uly ýardam berýändigini belläp geçdiler. Eden işi nusgalyk, parasatly gojalarymyzyň miras goýan senedine, enelerimiz nepis keşdeçilik sungatyna halkymyzyň guwanjy hem buýsanjy çäksizdir. Şoňa görä-de, eziz Watanymyzy ýürekden söýmegi, ata-enä hormat goýmagy, halal ýaşamagy ündeýän ýaşuly nesillerimize hormatymyz örän uludyr.