Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde «Haly dokamak käri–terbiýäniň nusgalyk täri» atly söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen zenanlarynyň näzik elleri bilen keser tutup, çitim çitip döreden ajaýyp sungat eseri bolan nepis halylarymyzy dokamagyň syrlary, bu inçe sungady döretmekde ulanylýan gurallar, sapaklaryň aýratynlygy, reňk öwüşgini barada tasirli gürrüňler edildi. Halyçylyk sungaty gerekli bolan dürli gurallar hem-de dürli haly önümleri esasynda gurnalan göçme sergi hem okuwçy gyzlara aýratyn täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda milliliklerimizi ýaş nesillerimize has giňişleýin ýetirmek babatda uly aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.