logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HALY NEPISLIGIŇ WE AGZYBIRLIGIŇ SUNGATY

Türkmen halylaryna asyrlar boýy «Syrlar siňen nepislik» diýilmegi ýöne ýerden däldir. Bäş müň ýyllyk taryhyny özünde jemleýän bu senet diňe bir halk senetçiliginiň gymmatly ýadygärligi, milletiň maddy hazynasy, ruhy täji bolmak bilen çäklenmän, şol bir wagtda halkymyzyň taryhyny öwrenmekde-de egsilmez çeşmedir. Ussatlyk bilen dokalan halylarymyzy içgin synlanyňda, olaryň türkmen halkynyň dünýä medeniýetine, sungatyna saldamly goşant goşandygyna aýdyň göz ýetirýärsiň. Türkmen halylary türkmeniň milli buýsanjydyr. Türkmen halysy taýsyz owadanlygy, dokalyşynyň nepisligi bilen her bir adamy özüne maýyl edýär.

Ene-mamalarymyz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan halylara salnan nagyşlaryň asyl nusgasyny ýitirmän, nesillerden-nesillere geçirip, şu günlerimize ýetiripdir. Gelin-gyzlarymyz türkmen sähralarynyň gözelligini, al-ýaşyl güllere beslenen dag-düzüni, ýaşaýyş-durmuş şertlerini nagyşlaryň üsti bilen beýan edipdirler. Her bir çitimine tükeniksiz yhlas siňdiren zenanlarymyz halyny sungat derejesine ýetiripdirler. Ussatlyk bilen dokalan halylarymyzy içgin synlanyňda, olaryň türkmen halkynyň dünýä medeniýetine, sungatyna saldamly goşant goşandygyna aýdyň göz ýetirýärsiň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda» eziz Diýarymyzda dabarasy äleme ýaň salýan, uly ruhybelentlikde ýokary guramaçylykda geçirilýän çäreler ajaýyp ýylymyzyň şanyna şan goşýar. Ýurdumyzda uludan bellenilýän türkmen halysynyň baýramy gadymy Lebaby toý lybasyna besledi.