logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Haly – türkmeniň kalby

Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 3-nji çagalar sungat mekdebi bilen bilelikde türkmen halysynyň milli baýramyna bagyşlap, “Haly – türkmeniň kalby” atly aýdym-sazly edebi duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmenleri bilesigeliji çagalar bilen türkmen gyz-gelinleriniň on barmagynyň hünäri bolan nepis halylary, olaryň reňk aýratynlygy, gölleriniň taryhy barada täsirli gürrüňler etdiler. Kitap söýüji ýaşlar hem türkmeniň nesip halylary baradaky rowaýatlary, ertekileri uly höwes bilen aýdyp berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.

Edebi duşuşygyň ahyrynda milli gymmatlyklarymyza uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.