logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HALY TÜRKMENIŇ MILLI GUWANJY

Lebap welaýat kitaphanasynda, kitaphananyň we Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komiteti bilen bilelikde gurnamagynda Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Türkmeniň halysy göýäki nur ol, Taryhyň ýüzünde ýazylgy dur ol» atly mowzuk agşamy geçirildi. Gatnaşyjylar kitaphana hünärmenleri tarapyndan «Haly türkmeniň milli guwanjy» ady bilen guralan kitap sergisine syn etdiler. Maslahatyň dowamynda türkmen halysynyň dünýäde tanalmagyna giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.