logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Halyça

Hekaýa

Jemal eje gaýynenesinden galan demir sandygy ýene-de açdy. Käte bir açylýan sandyk soňky günler, günde iki-üç gezek açylyp ýapylýardy. Ol her gezek sandykdaky halyçany çykaryp oýa batardy. Bir ýylgyrardy, bir gussa çümerdi. Halyçaň örän syk dokalan nepis nagyşlaryny sypap-sypabam ýene sandyga salardy. Jemal eje üçin halyça ömrüniň manysydy.

Bir gezek durmuşa çykan gyzy Humaý öýlerine geldi. Onuň ýanynda ogly Ezizem bardy. Eziz törde duran köneräk sandygy geň görse-de, hiç kimden hiç zat soramady. Şol gün mamalaryna döwrebap mebeliň getirilmegi Eziziň köp zatlara gözüni açdy.

Mebeli getiren iki adam:

-Mebeliňizi haýsy otagyňyzda düzmeli-diýip, Almagül gelnejedir Humaýyň ýüzüne çiňerildiler. Mamasydyr ejesiniň jogabyna garaşman Eziz:

-Köne sandyk gerekmejek zatlaryň saklanýan otagyna goýlup, onuň ýerine täzeje mebel goýulsa has gowy bolardy – diýende olar ör-gökden geldiler. Hasam Almagül gelneje janykdy:

-Sandygy ýerinden gozgap bolmaz oglum! Gözüň eglener ýaly görki bolmasa-da şol sandygyň orny tördür. Sandygy eýläk-beýläk süýşürsek, mamaň göwnüne degeris. Bu sandyk mamaň iň gymmatly zadyny saklaýar ahyryn-diýip, Eziziň pikiri bilen ylalaşmady. Şondan soň Ezizde köne sandygyň syryny bilmek höwesi has artdy. Almagül gelneje täze mebeli çetki otagyň birine salmagy buýurdy. Mebel getirenler mebeli göz-açyp ýumasy salymda gurnadylar. Täzeliginden ýaňa ýalpyldaýan mebelden gözüňi aýrasyň gelmeýärdi. Almagül gelneje bilen Humaý ony owadan jäşler bilen bezediler. Şol wagtam daşardan Almagülüň gaýynenesi Jemal ejäň hasasynyň tyrkyldysy eşidildi. Täze mebeliň getirilendigini buşlamak maksady bilen Eziz daşaryk ylgady.

-Mama täze mebel getirdiler. Ony gyraky otagdan gurnadylar. Men-ä otagyň törüni saklap duran köne läheň sandygyň ýerinde goýuň diýdim. Ýöne olar “köne sandygyň orny tördür süýşürip bolmaz” diýdiler. Hiç zada düşünmedim mama?!

-Düşünersiň oglum, düşündirerin – diýdi-de Jemal eje agtygy bilen täze mebeli gözden geçirdi:

-Tüweleme, tüweleme. Nepis zat eken. Gutly bolsun!-diýip sandykly otaga bardy.

-Otur oglum. Saňa gülleri soluşan bu sandygyň näme üçin ornunyň tördendiginiň sebäbini özüm düşündireýin.

Oglum sandyk köneräk, otagyň bir burçunda dursa-da gelişmän durmaz. Ýöne biziň öz ýol-ýörelgämiz bar. Käbir zatlar nesilden-nesle geçirilip miras goýulýar. Gymmatly miras harlansa ata-baba ýol-ýörelgeleriň harlandygy bolar. Maşgalanyň mukaddes zadyna törden orun bermek düşünjesi gözbaşyny şundan alyp gaýdýar. Bu sandyk maňa-da gaýnym pahyrdan galan miras. Içindäki halyçanam heniz asudalyk mahaly dokap başlapdyk. Halyçaň gyra nagyşlaryny gutaryp, “Göle düşdük, ýola düşdük” diýip bilimizi berk guşadyk. Şol günki ajy habar oba ýaýramanlygynda, sandygyň içindäki halyçanyň ykbaly başgaça bolardy. Ýöne “uruş turupdyr” diýen ajy nabar baran öýüne gussany goýdy, şatlygy alyp gitdi. Habar agyr bolansoň adamlar birek-biregiň göwnüni ynjytmajak bolýardy. Emma gara gözlere gussa-gubar inipdi. Ajy habar oýundan başga hiç zada baş galdyrmaýan çagalaryň hem keýplerine sogan dogrady. Olar bu habar gulaklaryna ilenden mazaly gyzyşan oýunlaryny taşlap kakalarynyň ýanyna ylgadylar. Ata mährinden mahrum boljakdyklaryny duýýan ýaly, olara gysmyljyraýardylar. Şonda “mert bol oglum! Iner ýigit çykypsyň. Maşgalaňa, ejeňedir doganlaryňa göz-gulak bolmaga ýarapsyň” diýilýän sözler çar-ýandan eşidilýärdi. Şol günki oýun hem olaryň iň soňky oýny boldy. Şondan soň olaryň oýna güýmenenini görmedik. “Uruş başlandy” diýen söz olaryň çagalyklaryny dem alym salymda ogurlap, uly adam çykardy. “Adam başy-daşdan gaty” diýleni. Her günde obadan ençeme adam urşa alyndy. Babaňam, “obaň men-men” diýen ýigitleri frontda. Watan üçin jan alnyp, jan berilýän söweşde. Menem şolaryň arasynda bolmaly. Nähili watansöýüji halkymyz bar. Urşa-da “toýa barýarys” diýip mertlik bilen ugraýarlar. Ýüregim syzýar. Il-günüň watansöýüjiliginiň soňy ýeňşe ýetirer. Ynha uruş gutarar. Biziňkiler hökman her bir ojakda dileg edilip garaşylýan beýik ýeňşi gazanarlar. “Il bilen gelen toýda baýram diýipdirler” diýdi-de, özi ilkinjileriň hatarynda meýletin urşa ugrady. Öýde gaýnym iki oglum, bir gyzym bolup galyberdik. Täze jaýly bolmak şol döwür maşgalamyzyň iň uly arzuwydy. Ýagşy arzuwy yza tesdirip durmaly diýip, babaň pahyr täze jaýyň düýbüni tutdy. Täze jaýyň ojakbaşysy bolsun diýip-dokap başlan halyçamyzam unudypdyrys şonda. Uruş gutaransoň dokarys diýen belli-külli netijä geldik. Uruş gutarmasa täze jaýyň dikelmejekdigine gözümiz ýetip durdy. Ol hakynda dilem ýarylmady. Urşa gidenlerimizden hat gelýärdi. Babaň bir hatynda “halyçany dokap gutardyňyzmy? Üýtgeşik bolar. Maşgalamyzyň ak arzuwlary siňen halyça öýüň töründen orun beriň. Ol nesilden nesle geçýän mirasa öwrüler” diýip ýazypdyr. Şol günden el çyranyň yşygyna halyçany dokap gutarmak üçin yhlas edip işledik. Ýagşy umytlar durmuş kynçylygyndan belentdigini subut etdi. Halyçadaky “1943-nji ýylyň 23-nji awgusty” diýlen ýazgy babaň urşa ugran güni. Şol günleri hiç unudyp bilemok. Urşuň gutaranyna 81 ýyl boldy. Umydyňy üzmäge wagt ýetdi. Emma henizem göwnüm umydygär. Halyçany kesen günümiz goňşy-golamlary hem çagyrdyk. Çaklaňja halyça elden ele geçdi. Ony öýüň törüne ýazyp babaňa garaşdym. Şol günem harby wekillikden gelen adam üç burç haty elime tutduryp, Ata Kulyýewiň öýüniň salgysyny alyp olara howlukdy. Ýüregim jigläp gitdi. Hatyň gatyny açyp hiç okasym gelmedi. Okamasamam ýüregim ynjalyk tapanok. Bu hat umyt-arzuwlarymyň tanapyny kesäýse näderin. Güýç berýän ýagşy umytlarymyň ganaty gyrylsa, durmuşyň manysy ýitmezmi?! Nätmeli? Haty okamalymy, okamaly däl? Kellämde at salýan sowallary nähili çözjegimi bilmän esli wagt ikiýana ýöredim. Haty okaman bir ýerde ýygşyrsam nähili bolarka?! Arzuw-umytlarymyň ganatynyň gyrylmazlygy üçin, özümi oda-suwa urmaga kaýyldym. Öz-özüme berýän sowalyma özümem jogap tapmadym. Pikire çümüp otyrkam bir ýerden gaýynenem geldi.

-Gelin, ýüzüň näme aladaly diýip–halymy sorap başlady. Hiç zatdan habarsyz gaýyneneme näme jogap berjegimi bilmedim. Ellesem elime tok uraýjak ýaly hatyň golaýyna barasym gelmedi. Ahyry gaýynenemiň ýanyna baryp hat barada dil ýardym. Ol uludan demini alyp:

-Gelin, her niçigem bolsa haty iru-giç açmaly bolar. Näme ýazylanyny bilmän oturyp bolmaz-a. Ol hatyň gatyny açdy. Meň-ä gözümem kütelişipdir. Özüň oka gelin. Hatdaky “mertlerçe wepat boldy” diýen söz ýüregime hanjar urlan ýaly etdi. Diňe gözüme güýjüm ýetip, hatdaky sözlere dilimiň aýlanman durşumdan gaýynenem rejäň geň däldigini aňdy. Gözýaşyny gyňajynyň ujy bilen zol-zol syldy. “Watan üçin wepat bolmak mertlikdir” diýdi. Sojap aglady. Iner ýaly oglunyň ýaş gidenine arman etdi. Doňan ýaly butnaman başyny dyzyna goýup oturdy. Şol pursat gaýynenemem, menem durmuşy dowam etmelidigimize düşündik. Ýüregimizdäki gam-gussany biri-birimize bildirmän çekdik.

Babaň Nepesiň arzuwlaryny hasyl etmek üçin halyçany sandykda aýap sakladym. Sandygy törden süýşürmezlikleriniň sebäbi şoldur oglum-diýip, üstünden ýyllar aşdygyça öwüşgini artýan halyçany sypap-sypap synlady. Mamasynyň sandygy näme üçin goraglaýandygyna düşünen Eziz:

-Bagyşlaň, mama diýip, henizem halyçany sypap oturan Jemal ejeden ötünç sorady. Jemal eje:

-Ine basym çowlugym Nepes öýlenýär. Halyçany oňa sowgat etjek. Halyçaň nesilden nesle geçirilmegi babaň pahyryň arzuwydy. Kellesini ýaýkap oturşyna, ony ýene sandyga saldy.

Jemal ejäniň çowlugy Nepesiň durmuş toýy ýetip geldi. Toý başlamazyndan iki gün öň agtygy Nurgeldi ony toýuň arzyly myhmany hökmünde almaga geldi. Jemal ejäň toýa sowgat etjek zatlaryny öýdeş gelni Almagül jemleşdirdi.

-Gelin, agtyk-çowluklara ýygnap goýan kişdäm bilen garpyz çigidimem ýantorba salaweri, Çagalaň eý görýän höregidir. Süýji kökedir nogul-nabadam ýatdan çykaraýma, seçjek oýunjaklarymam – diýip, Jemal eje äkitmeli zatlaryny birin-birin sanady.

Almagül ýerbe-ýer edip ähli zatlary ýantorba saldy. Arzyly halyçany welin Jemal ejäniň özi çykardy. Biline akja ýaglygy daňyp ýantorbanyň ýanynda goýdy.

-Ene ýola düşmäge çen boldy. “Ýolagçy ýolda ýagşy”. Nurgeldi Jemal ejäň toý serpaýlaryny maşyna ýükledi. Jemal eje maşynda-da halyçany ýanyndan aýyrmady. Täze maşynyň ýanynda ýoluň müşgili ýok. Sähel salymda ak şäherimiz Aşgabada geldiler. Nurgeldiniň ulagy döwrebap ülňülerde gurlan kaşaň jaýyň deňinde saklandy. Jemal ejäň gelerine garaşyp duranlar köpdi. Olar mährem enäniň neberesidi. Olara gözi düşen ene tolgundy. “Birim-müňüm” diýleni. ”Bulary Nepes neresse görenliginde begenip iki bolup bilmezdi” diýip, gözlerine gubarlan ýaşy öýmesiniň ujy bilen syldy. Jemal ejäni maşyndan aýagyny ýere degirmän düşürdiler. Çowlugy Nepese gözi düşenden: “Saňa guwanýandyryn ogul. Sen Watanyny jandan söýen gerçegiň adyny göterýänsiň. Gerçekler Watany, il-güni üçin peýdaly işleri bitirmegiň aladasynda. Sen adyňa mynasyp ogul bolduň. Toýuňam gutly bolsun- diýip Nepesiň başyny sypady.

Şatlyk bilen ak mermer jaýyň gapysyndan ätlendi. Otaglary giň jaý köşgi ýadyňa salyp durdy. Ähli zat täzeliginden lowurdaýardy. Täze jaýyň howasam üýtgeşik ýakymlydy. Sowgat-serpaýlaryny gowşuran Jemal eje düýrlengi halyçanyň biline daňlan ak ýaglygyň düwünlerini çözdi:

-Nepes jan, şu gün borjuny ýerine ýetirmek isleýän. Garry ataň bu halyçanyň nesilden nesle geçmegini arzuw edipdi. Ajy habarada ynanman garry ataň ýoluna garaşdym. Nä pelek belki gelermikän öýtdim. Bu halyça bile guwanarys diýen umyt hiç ýüregimden aýrylmady. Ýöne näçe garaşsamam soň onuň didaryny görmek nesip etmedi. Halyçany nesillere gowşurmagyň müddeti geldi. Indi bu halyça siziňki bolsun. Ony aýaň, nesilden nesle aşyryň. Halyça maşgalamyzyň wepasy, watansöýüjiligi, ak arzuwlary siňendir. Oglum halyçany gelniň ikiňize gowşurjak diýip - Jemal eje maksadyny mälim etdi. Enäniň aýdanlary bilen hemmeler ylalaşdy.

Toýa gelenleri gadyrly garşylap oturan Jemal ejäniň daşynyň adamy köpelmese azalanokdy. Tanyşdyr nätanşyňda süýji sözli enäň ýanyndan aýrylasy gelmedi. Onuň öwüt-ündewleri nesiller üçin mekdepdi. Toý öz gyzygy bilen dowam edip durdy. Gelnaljy güni hemmeler adatdakydan ir oýandy.

Her kim gelnalyja gitmegiň aladasynda. Gelnalyjy maşynam kemsiz bezeldi. Toý lybasly, ýüzleri şatlyga beslenen adamlar täze jaýyň ýaraşygy. Jemal eje-de bu gün has ýaşaran ýaly. Ajaýyp zamananyň gözelliklerini synlap doýup bilmedi. Häzirki döwrümiz halkymyzyň owal-ahyr arzuwlarynyň wysaly. Göwnüňde ýagşy arzuwdyr maksat tutup amala aşyrybermeli. Hormatly Prezidentimiz adam sarpasyny belende göterdi. Oturan mermer jaýymyz aýdanlaryma subutnama. Agyr günleri görenem, eşidenem biz bolaly. Nesiller bagtly durmuşda ýaşasyn” diýip ýagşy dileg etdi.

“Gelnalyjy gelýär, gelnalyjy gelýär” diýşip çagalar hümer bolup üýşdiler. Olaryň bir ýere üýşmekleri tötänden däldi. Öýlenýän ýigit bilen, täze gelni deň-duşlar bolup üýşüp synlamagyň lezzeti başgady. Ýaş çatynjalar owadan bezelen gelnalyjy maşyndan düşenden dürli oýnawaçlar, nogul-nabatlar seçilip başlandy. Göý-ä olar asmandan gaýyp düşýän ýaly köpdi. Şaňňyrdap al-gyzyl öwsüp gapydan gadam basan gelni Jemal eje ýüzüne syldy. “Alnyňyz, bagtyňyz açyk bolsun, balalarym” dýip Nepes bilen Maýagözel gelne halyçany gowşurdy. “Goý bu halyça indi täze maşgalanyň ojakbaşysy bolup, ak mermer jaýyň törüni bezesin – diýip, enelik borjuny berjaý etdi. Ojakbaşy töre ýazylyp üstünde täze gelin oturdyldy.

Ogulgurban Gaşlakowa