logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HALYÇYLYK SUNGATY–MILLI MIRASYMYZ

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda milletiň gadymy ruhy we maddy medeniýetiniň däplerini gaýtadan dikeltmäge berýän aýratyn goldawy netijesinde Türkmenistanda halyçylyk sungaty täze ösüşlere, täze mazmuna, ruhy galkynyşa eýe boldy.

Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli Türkmen halyşynaslarynyň XXV mejlisiniň «Halyçylyk sungaty–milli mirasymyz» atly halkara ylmy maslahatynyň ikinji bölümçesi Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mejlisler zalynda geçirildi. Halkara ylmy maslahatynda daşary ýurtly wekilleriniň, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň ylmy çykyşlary ýerine ýetirildi.