logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HALYPA GÖRELDESI

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň Sergi jaýynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, suratkeş Nuriddin Niýazowyň 75 ýaşynyň dolmagy mynasybetli “Ýer şary–biziň öýümiz” atly şahsy döredijilik sergisi geçirildi.

Sergide, Nuriddin Niýazowyň “Beýik Ýüpek ýoly” 2016ý., “Bütindünýä howa üýtgemeleri” 2013ý., “Kerki güzeri” 2025 ý., “Döredijiligiň 8-nji güni” 2012ý., “Durmuş filosofiýasy” 2012ý., “Iki taraplaýyn portret” 2011ý., “Oglumyň portreti” 1983ý., “Iýermeniň portret” 2019ý., “Kerwen” 2017ý., “Abadanlaşýan çöl” 2017ý., “Güýz, durnalar” 2016ý.,“Magtymgulynyň poeziýa dünýäsi ” 2015ý., “Garry gyz” 2013ý., “Magtymgulynyň düýşi” 2004ý., “Aral” 1987ý. ýaly sungat eserleri ýaýbaňlandyryldy.

Nuriddin Niýazowyň döreden sungat eserleriniň ählisinde nakgaşçylyk sungatynyň seýrek duş gelýän ugry bolan surrealizm akymyna eýerilýär. Suratkeşiň döredijiliginde merdana ruhy sütünlerimiz, buýsançly taryhymyz, gözel tebigatymyz çeper beýan edilýär. Nakgaşçylyk taslamalaryň reňk çözgütleri özüniň baýlygy, akymlaryň täsirleri sungat eserleriň ählisinde içgin duýulýar.

Halypa suratkeşiň eserlerinde ýeňil bolmadyk şekillendiriş sungatynyň bu ugurynyň ajaýyplygyny görmek bolýar. Sungat eserleri göýäki janly ýaly sungatyň dilinde türkmen dünýäsi barada söhbet açýar. Nakgaş eserleriniň aýratynlyklaryny we talaplaryny doly özleşdiren halypa şägirtleriniň arasynda hem halypa-şägirtlik ýoluny dowam edýär. Bu sünnälenilen görnüşler, işler, usullar bolsa şägirtleriniň işinde halypanyň belentligini ýüze çykarýar.

Halypa suratkeş Nuriddin Niýazowyň döreden sungat eserleri ýurdumyzyň şekillendiriş sungaty uguryndan bilim alýan ýaşlar üçin we sungaty öwrenijiler üçin uly mirasdyr. Sergide Suratkeşiň 70-den gowrak nakgaş eserleri görkezilýär.


Sergi öz işini 10 gün dowam eder