Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda ussadyň ussat şägirdi, Türkmenistanyň halk artisti Ýagmyr Nurgeldiýewiň 95 ýyllygyna bagyşlanan ýatlama konserti geçirildi. Türkmen milli aýdym-saz sungatymyzyň gadymyýetden özboluşlylygyny ýitirmän biziň günlerimize gelip ýetmegi üçin, uly goşantlaryny goşan ussat halypalaryň ömri we döredijiligini, ýerine ýetirijilik aýratynlyklaryny öwrenmek we talyp ýaşlara ýetirmek biziň öňümizdäki esasy borjumyz bolup durýar. Aýdym-saz, mukam adamyň ruhy süňňüni, göwün tuguny belende galdyrybam, kalbyny melhemsiz sagaldybam bilýändir. Bir zady anyk aýtmak bolar – aýdym-saz hemme döwürlerde-de ynsan kalbyny özüne imrindirýär. Nepislige ýugrulan ynsan ýüregi ilkibaşdan gözellige teşne bolansoň, sungat diýen ägirt uly güýç zeminden, tebigatdan öz paýyny alandyr. Sungatyň naýbaşy nusgalarynyň haýsy birini alyp görseň hem, tebigylygy, sadadan labyzlylygy haýran galdyrýar.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda geçirilen dabaraly ýatlama konserti, Halk saz gurallary fakultetiniň “Türkmen sazy” kafedrasynyň müdiri, uly mugallym Gunça Muhammetberdiýewa açdy. Uly hormat bilen dabaranyň başynda Türkmenistanyň halk artisti, professor Ýolaman Nurymowa söz berildi. Halypa Ýagmyr Nurgeldiýew bilen bile işleşen döwründäki täsirli wakalary ýatlady. Soňra Ýagmyr halypanyň ogly Eziz Nurgeldiýewe söz berildi. Ol öz kärdeşleri bilen, ýagny, Türkmenistanyň medeni- işewirlik merkeziniň Halk saz gurallary ansamblynyň sazandarlyk etmeginde, Türkmenistanyň sungatda at gazanan bagşysy Döwlet Durdyýewiň ýolbaşçylygynda, halypa Rüstem Baýramowyň ýerine ýetirmeginde “Ýakmasana gyz” atly Ýagmyr Nurgeldiýewiň sazyna, Muhammet Annaýewiň sözlerine döredilen aýdymy ýerine ýetirdiler. Şeýle hem, ansamblyň ýerine ýetirmeginde Ýagmyr Nurgeldiýewiň döreden “Gutlag mukamy” sazy ýaňlandy. Soňra çäre Türkmenistanyň halk artisti Muhammet Muhammetnyýazowyň täsirli gürrüňleri bilen dowam etdirildi. Ýagmyr Nurgeldiýewiň döreden “Pyragy” diýen sazyny Türkmenistanyň at gazanan artisti, uly mugallym Çarymyrat Ahunow we şägirdi Ahmet Orazow bilelikde ýerine ýetirdiler. Türkmenistanyň halk artisti, uly mugallym Şemşat Hojaýewa Ýagmyr halypa bilen işleşen döwründäki ýatlamalary talyp ýaşlara ýetirdi we “Bu jennetdir” diýen aýdymy ýerine ýetirip berdi. Zehinli gyjakçy sazanda mugallym Sapamyrat Amanmyradow, Ýagmyr Nurgeldiýewiň “Arzuwym” sazyny ýerine ýetirdi. Türkmenistanyň at gazanan artisti, sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory, uly mugallym Çaryýar Jumaýew täsirli çykyş etdi. Bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň mugallymy Amanlyk Amanlykow, Ýagmyr Nurgeldiýewiň sazyna, Magtymguly Myşşyýewiň sözlerine “Aý dogan çagy” atly aýdymy ýerine ýetirdi. Soňra konsert bölüminiň esasy hünärmeni Gurbanmyrat Hojamgulyýew “Gyrmyzy” atly türkmen halk sazyny çalyp berdi. Konsertiň ahyrynda zehinli sazanda Işanmuhammet Gündogdyýewiň ýolbaşçylygynda talyplar ansambly bilen bilelikde Ýagmyr Nurgeldiýewiň “Şadyýan ülkäm”, “Owazym” atly sazlary ýaňlandy.
Bu ýatlama konserte talyp ýaşlar bilen bir hatarda kafedranyň ähli mugallymlary hem gatnaşdylar. Halypa-şägirtlik ýoluny giňden açyp görkezmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli işleri hemişe uly rowaçlyklara beslensin.
Aýgül Ýagşyýewa
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Türkmen sazy” kafedrasynyň uly mugallymy.