HALYPA-ŞÄGIRTLIK ÝOLY
Biziň Garaşsyz hem Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň medeniýet ulgamynda uly ösüşler hem öwüşginler bar. Bu ulgamyň hak howandary bolan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ulgamda halypa-şägirtlik ýoluna örän uly üns berýär. Ine şeýle halypalar bolsa bizde sanardan kändir.
Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniiň etnografiýa ekspozisiýasynyň bir bölüminde türkmen aýdym-saz sungatynda öçmejek yz goýan halypalar dogrusynda ýatlanylýar. Olaryň içinde Türkmenistanyň halk bagşysy Odeniýaz Nobatow hakynda, onuň geçen ömür ýoly giňişleýin gürrüň berilýär.
Hawwa, bu ussat sazanda, halypa, professor, Türkmenistanyň halk bagşysy, özüniň «Uzuklar» sazy bilen ady il içinde rowaýata öwrülen şahsyýetdir. Bu halypa türkmeniň saz sungatynda öçmejek yz goýan halypa Nobat bagşynyň ýeke täk perzendidir.
At-abraýlary il içinde buýsanç bilen tutulýan Ödenýaz Nobatow türkmen dutarynyň ussady bolup, ynsan kalbyny şirin, jadylaýjy türkmen dutarynyň owazy bilen heýjana salyp, kalp gözelligini döreden ussatdyr.
Muny türkmen raýatlary bilen bir hatarda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz hem özüniň birnäçe kitaplarynda olaryň atlaryny uly höwes bilen belläp geçýär. Sebäbi biziň parahat, asuda, agzybir mukaddes Watanymyz bar. Şu ezizlikleriň aňyrsynda bolsa ösüşler, geljege bolan ynam hem uly badalgalar bar.