Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Aşgabat şäheriniň tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 44-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin” medalynyň eýesi halypa şahyr Bazar Şalyýewiň hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň ylmy usulyýet müdirliginiň usulçy redaktory, Baýram Goçmyradowyň myhman bolup gatnaşmaklarynda “Halypa-şägirtlik ýoly kämilleşdirilýär” atly döredijilik duşuşygyny geçirdi.
Kitaphana hünärmenleri ýaş nesillere häzirki ajaýyp döwrümizde giňden ýola goýulýan halypa-şägirtlik mekdebi we onyň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüňleri berdiler. Ýaş nesillerimiziň arasynda myhmançylykda bolan halypa ýazyjylarymyz özleriniň döredijilik ýoly barada hem-de kämil eserleri döretmeklikde alyp barýan işleri hakynda täsirli gürrüňleri berdiler. Aşgabat şäheriniň medeniýet müdirliginiň 3-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy sazanda Begenç Annanazarowyň çalmagynda diňlenilen birnäçe sazlar hem çärämize aýratyn bezeg berdi.
Ýaş nesiller hem özlerini gyzyklandyrýan sowallary berip ýazyjy-şahyrlar bilen özara sorag-jogap alyşdylar. Bu hem duşuşygymyzyň has-da täsirli geçmegine ýardam etdi.
Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň bilimli, giň dünýägaraýyşlary bolup ýetişmeklerinde uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.