logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HALYPA ŞÄGIRTLIK ÝOLY-KAMILLIK ÝOLY

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy hemişelik okyjylary bilen we çagalaryň söýgüli ýazyjylary halypa şahyrlarymyz Bahargül Kerimowa hem-de Hemra Şirowyň gatnaşmaklarynda  «Halypa şägirtlik ýoly -  kamillik ýoly» ady bilen döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşygyň dowamynda ajaýyp zamanamyzy, bagtyýar çagalygy wasp edýän şygyrlar okaldy. Kitaphananyň bilesigeliji okyjylary söýgüli ýazyjylary bilen hekaýalar, goşgular esasynda gyzykly gürrüňdeşlik geçirdiler, özara sorag-jogap alyşdylar. Halypa ýazyjylarymyz ýaşlara kitap okamagyň ynsanda halallyk, dogruçyllyk, adalatlylyk, watansöýüjilik ýaly oňat gylyk-häsiýetleri terbiýelemekde uly ähmiýetiniň bardygyny aýratyn nygtadylar. Höwesjeň okyjylarymyz ajaýyp tebigatymyzy, asuda Asmanymyzy, parahat Zeminimizi, ata Watanymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy wasp edýän öz dereden goşgularynyň ençemesini labyzly aýdyp berdiler. Gurnalan kitap sergisi kitap söýüji ýaşlarda aýratyn täsir galdyrdy.

    Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda ata Watanymyzy çagajyklaryň iň arzyly isleg-arzuwlarynyň hasyl bolýan mekanyna öwren, ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almagy, kitaphon adamlar bolup ýetişmegi ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän  Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.