logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HALYPA-ŞÄGIRTLIK ÝOLY–DOWAMAT DOWAM!

HALYPA-ŞÄGIRTLIK ÝOLY–DOWAMAT DOWAM!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çäksiz goldaw-hemaýatlary netijesinde, döredijilik işgärleriniň döredijilikli işlemegi üçin ähli şertler, mümkinçilikler döredilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda, medeniýet işgärleriniň, ýazyjy-şahyrlarymyzyň, žurnalistlerimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň bedew batly ösüşleriniň many-mazmunyny giňden beýan edýän ajaýyp eserleri, makalalary, şygyrlary hem-de hekaýalary döretmekleri örän buýsançlydyr.

2025-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Aşgabat şäherindäki Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekanynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de gazet-žurnallaryň redaksiýalarynyň bilelikde guramagynda «Halypa-şägirtlik ýoly –dowamat dowam!» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşygynda döwrümiziň ajaýyp ösüşlerini eserlerinde wasp edýän halypalar «Garagum» žurnalynyň bölüm redaktory, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradow, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Oguljemal Çaryýewa, şägirtler «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň bölüm redaktory Aýjahan Annabaýewa, «Türkmen dünýäsi» gazetiniň uly habarçysy Meýlis Garajaýew, «Diýar» žurnalynyň bölüm redaktory Akkeýik Allagulyýewa hem-de «Edebiýat we sungat» gazetiniň uly habarçysy Kerimberdi Hakberdiýew dagy çykyş etdiler. Olar Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, häzirki döwürde halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň üstünlikli dowam etdirilmeginiň ýaşlaryň ilhalar eserleri döredip, kämil makalalary ýazmaklaryna oňyn ýardamyny ýetirýändigini çykyşlarynda giňişleýin belläp geçdiler. Ýaş şägirtler halypalaryň berýän maslahatlaryny, öwüt-ündewlerini öz döredýän eserleriniň, ýazýan makalalarynyň ilhalar, baý many-mazmunly, döredijilik gözlegleriniň netijeli bolmagynda möhüm orun eýeleýändigini uly guwanç bilen beýan etdiler. Şeýle hem, duşuşykda çykyş edenler, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplarynyň döredijilikleriniň kämilleşmeginde, täze eserleriň döremeginde gymmatly hazyna, nusgalyk ýol-ýörelge bolup hyzmat edýändigini aýratyn nygtadylar.

2024-nji ýylda Köpetdagy etekläp oturan Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň, «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly açylmagy, dana şahyryň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende göterdi. Medeni-seýilgäh toplumynda daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň, akyldarlaryň heýkelleriniň ýerleşdirilmegi bolsa, ýurdumyzda dünýä edebiýatyna, söz sungatynyň ägirtlerine goýulýan hormatyň egsilmezdiginiň beýany. Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda berkarar döwlet, bagtyýar durmuş baradaky arzuw-islegler ör-boýuna galýar. Akyldar şahyryň parahatçylyk, agzybirlik taglymaty bu günki gün tutuş adamzady daşyna jemleýär. Akyldar şahyryň watanperwerlik, döwlet berkararlygy, il agzybirligi ýaly taglymatlary esasynda nesiller terbiýelenýär. Şahyryň ynsan kalbynda orun alan pelsepewi pikirli şygyrlary, halkymyzyň ruhy dünýäsinde nakyl we akyl bolup ýaşaýar. Söz ussadynyň pähim-paýhasa ýugrulan şygyrlarynyň adamzadyň ruhuny tämizläp, barlygyň gözelligine, durmuşa bolan söýgini has-da ösdürýändigi baradaky pikirler hem çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi.

Döredijilik işiniň ösüp kämilleşmeginde irginsiz gözleglere, halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň döredijiligiň kämilleşmegine goşýan goşandy, ata-babalarymyzdan gelýän bu ýoluň inçe tär-tilsimleri barada hem duşuşygyň dowamynda täsirli söhbetler edildi.

Duşuşyga gatnaşanlar döredijilik bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.



Ogulgurban GAŞLAKOWA



Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni