logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HALYPA ŞÄGIRTLIK ÝOLY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda kitaphanamyzyň halypalary hem-de «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde ýaşlary kitaphanalara çekmek, olaryň edepli, terbiýeli, ruhybelent ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin halypalaryň görkezýän göreldeleri, öwredýän sowatlarynyň nä derejede möhümdigi barada «Halypa şägirtlik ýoly» atly gepleşigi ýazgy edildi. Gepleşigiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlara öwüt-ündew berýän kitaplary, geçirilen maslahatlary barada gürrüň edildi. Gepleşigiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza halypa şägirtlik ýoly üçin giň ýol açyp berýändikleri üçin çäksiz alkyşlar aýtdylar.