Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň guramagynda, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda edebi duşuşyk geçirildi.
Bu edebi duşuşyk Türkmenistanyň halk ýazyjylary Nargylyç Hojageldiýewiň, Orazguly Annaýewiň, Nobatguly Rejebowyň, ýazyjylar Hojanepes Meläýewiň, Babanyýaz Kaýumowyň, şahyr Kasym Nurbadowyň ömür-döredijiligine bagyşlandy. Edebi duşuşyga ýurdumyzyň halypa we ýaş ýazyjy-şahyrlary, medeniýet işgärleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary gatnaşdylar.
Edebi duşuşykda edilen çykyşlarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň bimöçber goldaw-hemaýatlary netijesinde türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmäge uly goşant goşan halypa ýazyjy-şahyrlaryň edebi mirasyny öwrenmäge giň ýol açylandygy, ussat ýazyjy-şahyrlaryň döreden eserleriniň ýaş nesilleri watançylyk, agzybirlik, halallyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýetlidigi aýratyn bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, edebi duşuşykda çykyş edenler, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur pähim-paýhasly kitaplarynda halypalara hormat goýmak, halkymyzyň «halypa-şägirt» ýörelgesini dowam etmek babatda gymmatly pikirleriň öňe sürülýändigini, türkmen edebiýatyny ösdürmek, döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmak üçin ähli şertleriň döredilýändigini nygtadylar.
Halypa ýazyjy-şahyrlaryň ömür-döredijiligine bagyşlanyp geçirilen edebi duşuşyga gatnaşyjylar türkmen edebiýatyny, medeniýetini we sungatyny ösdürmek ugrundaky belent maksatlary üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar.