logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HALYPALARYŇ DÖREDIJILIK MEKDEBI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Kaýum Taňrygulyýewiň doglan gününiň 95 ýyllygy, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Rehmet Seýidowyň doglan gününiň 115 ýyllygy, ýazyjy Naryman Jumaýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy, ýazyjy Kömek Kulyýewiň doglan gününiň 70 ýyllygy mynasybetli «Halypalaryň döredijilik mekdebi» ady bilen kitap sergisi guraldy.

Kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplary şeýle hem ýokarda ady agzalan ussat ýazyjy şahyrlarymyzyň dürli ýyllarda ýazan ajaýyp eserleri goýuldy. Okyjylarymyz bu guralan kitap sergisinden özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogap tapdylar.