Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar ýaňy -ýakynda Aşgabat şäherindäki 51-nji orta mekdepde “Halypalaryň göreldesi – şägirtlere ýörelge” atly edebi-sazly duşuşyk geçirdi.
Edebi-sazly duşuşygyň başynda mekdebiň 12-nji synp okuwçylary gün-günden gülläp ösýän ýurdumyzda Hormatly Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biziň ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim almaklary üçin edýän çäksiz aladalaryna minnetdarlygyny bildirip Watanymyzy wasp edýän aýdym aýtdylar. 51-nji mekdebiň Türkmen dili we edebiýat dersinden okadýan halypa mugallym Ogulnabat Owlakowanyň yhlasly zähmetiniň netijesinde okadýan synplarynyň ähli okuwçylary uly höwes bilen sapaga gatnaşýarlar. Halypa mugallym edebiýat sapagynda klassyk şahyrlarymyzdan başlap 20 asyryň ähli ýazyjy, şahyrlarynyň eserlerini okuwçylara gyzykly, täsirli edip gürrüň berýär. Ýaş dörediji okuwçylaryň uly gyzyklanmasy, olaryň edebiýata bolan höwesi üçin mugallym döwrümiziň ýaş şahyrlary Gurbanjemal Annakowany, Kerimberdi Hakberdiýewi edebi ertirlige çagyrdy. Ýaş şahyrlar okuwçylaryň gyzyklanýan soraglaryna jogap berdiler şeýle hem olar öz gezeginde ilkinji bilim - terbiýäniň mekdep partasyndan başlanýandygyny, şu günki ýaş nesilleriň geljekde her biriniň öz isleýän kärinde ýagny, mugallym, gurluşykçy, lukman ýa-da sungat adamlary bolup ýetişmeginde hormatly mugallymlara biziň ussadymyz diýesim gelýär diýip, goşgy setirleriniň üsti bilen beýan edýär. Mekdebiň göreldeli, zehinli okuwçylary Magtymguly pyragynyň “Türkmeniň” atly goşgusyny diňe bir türkmen dilinde däl, eýsem, Ispan, Iňlis, Arap hem Rus dillerinde aýdyp berdiler. Edebi-sazly ertirligiň dowamynda Türkmen Medeniýet institutynyň talyplary hem Magtymguly atamyzyň edep-terbiýe häsiýetli goşgularyna birnäçe aýdymlar bilen çykyş etdiler. Şeýle-de mekdep müdiri Ogulbeg Annaýewa körpe nesillerimiziň kitaba bolan söýgüsini döretmekde alyp barýan wagyz-nesihat işleri, okuwçylaryň arasynda ýygy-ýygydan halypalar bilen duşuşyklar gurap geçirýän çäreleri üçin B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenlerine hem ýaş şahyrlarymyza öz minnetdarlygyny bildirdi. Adat bolşy ýaly geçirilen çärede kitaphananyň hünärmenleri ýazyjy-şahyrlaryň kitaplaryndan kitap sergisini gurnady.
Edebi sazly duşuşygyň ahyrynda biziň ýaş nesillerimiziň bilimli we kämil ýaşlar bolup kemala gelmekleri üçin atalyk aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Alym Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.