Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasynyň guramagynda Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň doglan güniniň 105 ýyllygy mynasybetli “Halypalaryň halypasy gahryman şahsyýet” atly kitap sergisi we söhbetdeşlik geçirildi.
Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk artisti Maýa Kulyýewanyň Türkmenistanda opera sungatynyň gözbaşyny açan, bu sungatyň galkynyşyna işjeň gatnaşan, ady rowaýata öwrülen şahsyýet hökmünde giňden tanalýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyz: “ Medeniýete we sungata halkyň ruhy gymmatlyklaryny gorap saklaýan, dünýäde wagyz edýän hem-de ýaş zehinleri terbiýeleýän möhüm serişde hökmünde aýratyn orun degişlidir. Medeniýet adamlaryň aň-düşünjesini, zähmet işjeňligini ýokarlandyrýan, olary beýik işlere ruhlandyrýan kuwwatly güýç bolup durýar” diýip belleýşi ýaly, Maýa Kulyýewanyň döredijilik ýoly hem öz ykbalyny sungata baglan her bir adam üçin görelde mekdebidir. Milli sungatymyzyň şol sanda türkmen aýdym-sazynyň şu günki ýeten derejesi ata-babalarymyzyň dury aňy, ýiti zehini bilen eýlenip döredilen aýdym-sazlarymyzyň dowamly ösüşiniň hasylydyr. Maýa Kulyýewa ýurdumyzyň aýdym-saz medeniýetine goşan goşandy ummasyzdyr. Gahryman Arkadagymyz “Ile döwlet geler bolsa” atly kitabynda “Uly meşhurlyga eýe bolan, görnükli sungat ussatlarymyza aýratyn hormat goýmak däbi Garaşsyzlyk ýyllary içinde has-da rowaçlandy. Munuň şeýledigine bütin manyly ömrüni milli sungatymyzyň ösmegine bagyş eden, belli opera aýdymçysy, Türkmenistanyň halk artisti Maýa Kulyýewa Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy aýdyň şaýatlyk edýär” diýip örän jaýdar belläp geçýär.
Maýa Kulyýewanyň döredijilik ykbaly Türkmenistanyň opera sungaty bilen berk baglanyşyklydyr. Bu kitap sergisiniň dowamynda kitaphana hünärmenleri Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk artisti Maýa Kulyýewanyň döredijilik ýoly barada şeýle hem gazet-žurnal sahypalarynda Gahryman halypa bagyşlanyp ýazylan makalalary, ýakymly ýatlamalary hakynda gyzykly gürrüňleri berdiler. Ol diňe bir opera sungatynyň başynda durman, eýsem Garaşsyzlyk eýýamynda onuň ösüşine täzeden itergi bermek üçin hem elden gelenini edipdi. 2008-nji ýyldan başlap Gahryman Arkadagymyzyň goldawy netijesinde meşhur “Şasenem-Garyp” (2008ý.), “Leýli-Mejnun” (2009ý.),”Zöhre-Tahyr” (2010ý.), “Görogly” (2011ý.), “Magtymguly” (2012ý.), “Görogly” (2013ý.), “Ýusup-Züleýha” (2014ý.) , “Aýna” (2015ý.), “”Saýathan” (2016ý.) “Ruhubelentler” (2017ý.), “Hüýrlukga-Hemra” (2018ý.), “Aşyk Çaňly” (2019ý.), “Nejep oglan” (2020ý.), “Gül-Bilbil” (2021ý.) operalary uly üstünlik bilen halk köpçüligine ýetirilipdi. Bu opera eserleriniň köpüsiniň sahnalaşdyrylmagynda Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň aýratyn hyzmatlary bardyr.
Ýurdumyzda türkmen opera sungatynyň täzeden dikeldilmegine “Watanymyzyň öňünde bitiren hyzmatlary, türkmen sungatynyň ösüşine goşant goşandy üçin 2009-njy ýylda Maýa Kulyýewa Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent at dakylyp, oňa “Altyn Aý” altyn medaly gowşurylypdy. Ol şeýle hem ýurdumyzyň Garaşsyzlygy we Bitaraplygy mynasybetli ýubileý medallary bilen sylaglanypdy, döredijilik işgärleriniň arasynda geçirilýän bäsleşikde Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragyna-da mynasyp bolupdy. Beýik aýdymçynyň hatyrasyna gurnalan bu kitap sergisi oňa gatnaşyçylarda uly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar saz sungatyna ömürleriniň bagş eden ussat halypalary ýatlap geçmäge döredilýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar.
Maral NURYÝEWA
Maýa Kulyýewa adyndakyTürkmen Milli konserwatoriýasynyň kitaphana müdiri