logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HALYPALYK BAGY–SUNGAT MIWESI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda medeniýet we sungat äleminde uly ösüşler gazanylýar. Bu gazanylýan ösüşler babatynda sungatda kämil düşünjeleri, döwrebap pikirleri ýaşlaryň aňyna ornaşdyrmak maksady bilen ýurdumyzda halkara döredijilik duşuşyklary, ylmy-amaly maslahatlary we sergileri yzygiderli geçirilýär. Ussat suratkeşleriň halypalyk etmeginde sungatymyz pajarlap ösýär. Döwrümiziň beýik taryhy ýazylýar.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda geçirilen “Mekdebe öwrülen ömür” atly sergini aýratyn bellemek bolar. Sebäbi bu sergide türkmen halkynyň sungat dünýäsinde aýratyn orun alan Türkmenistanyň halk suratkeş Annadurdy Almamedow özüniň halypalyk eden şägirtleri bilen bilelikde nusga alarlyk eserleriň birnäçesi görkezildi. Halypanyň tutuş ömrüniň 60 ýylyny mugallymçylyga bagyş edip, onuň ýetişdiren şägirtleri häzirki günde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde zähmet çekmek bilen şekillendiriş sungatynyň ösmeginde özleriniň goşandyny goşup gelýärler.

Annadurdy Almamedowyň sungaty tebigatyň gözelligine, aýratyn-da daglaryň belentligine we olaryň özboluşly ruhuna bolan söýgüsi bilen tanalýar. Suratkeşiň eserlerinde daglar diňe bir tebigatyň bir bölegi hökmünde däl-de, eýsem türkmen halkynyň ruhuny, mähriban Watanymyzyň güýç-kuwwatyny, arassalygyny we beýiklik duýgusyny aňladýan nyşanalyk bolup saýlanýar. Halypanyň her bir eserinde tebigatyň gözelligine bolan çäksiz hormat-sarpa we döredijilik joşguny duýulýar. Şeýle ajaýyp pikirleri halypanyň şägirtlerinde hem görmek bolýar.

Halypanyň döredijilik ýoly–öz Watanyna bolan söýgüsi alamatlandyrmak bilen ýaş nesillerimize mekdep bolup hyzmat edýändiginiň ähmiýetini açyp görkezýär. Annadurdy Almamedowyň eserleri ýaş suratkeşler üçin ylham çeşmesidir.


Akgözel Sahatmyradowa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby