Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Sarahs şäheriniň Medeniýet öýünde meşhur halypa bagşy, Türkmenistanyň halk bagşysy Oraz Salyryň (1876-1940) 150 ýyllygy mynasybetli ömri-döredijiligine bagyşlanan aýdym-sazly dabara geçirildi.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň, Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Oraz Salyr adyndaky çagalar sungat mekdebi bilen bilelikde geçiren aýdym-sazly dabarasy, ussat halypa bagyşlanan wideoşekilleriň görkezilmegi bilen başlandy. Oňa il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, halypanyň nebereleri, medeniýet, sungat işgärleri, çagalar sungat mekdebiniň mugallymlary we okuwçylary gatnaşdylar.
Dabarada çykyş eden “Köne Sarahs” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň bölüm müdiri Babajan Gylyjow, “Ahal durmuşy” gazetiniň habarçysy Akmyrat Mürzäýew, Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Oraz Salyr adyndaky çagalar sungat mekdebiniň okuw işleri boýunça orunbasary Maksat Gylyjow meşhur bagşynyň ýerine ýetiren aýdymlary, onuň ömri-döredijiligi barada täsirli gürrüň etdiler.
Ussat bagşynyň nebereleriniň, adyny göterýän mekdebiň okuwçylarynyň hem-de mugallymlarynyň gatnaşmagynda geçirilen aýdym-sazly dabarany, onuň ýoluny dowam edýän Babanýaz Orazmyradow, Begenç Şalarow, Bagtyýar Işankulyýew, Toýly Gurbanow, Guwanç Gurbanow, halypa Oraz Salyryň çowlugy Myrat Orazow, Serdar Ýagmyrow, Maksat Allakulyýew, Kakabaý Işankulyýew ýaly bagşylar «Ýaşylbaş», «Aýlansam», «Gyzylgül», «Gyrmyzy», «Kiçiniň», «Ýok meniň», «Bar eken», «Ýat bolar», «Bigana ýagşy» ýaly türkmen halk aýdym-sazlary bilen bezediler.
Bu ýerde guralan kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher zehininden dörän eserleri, bagşy-sazandalarymyza bagyşlanyp neşir edilen kitaplar sergilendi.
Çynar GURBANOW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň baş hünärmeni