logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

«HALYPANYŇ ÝOLY-ŞÄGIRTLERE ÝÖRELGE»

«HALYPANYŇ ÝOLY-ŞÄGIRTLERE ÝÖRELGE»

Şeýle at bilen 27-nji fewralynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Medeniýet öýünde Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Mustak Aýmedowyň ömri-döredijiligine bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň Lebap welaýat ýörite sungat mekdebi bilen bilelikde geçiren maslahaty Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Ören Atakowyň «Halypa hatyrasy belentdir», Türkmenistanyň halk bagşysy Gurbandurdy Öwezowyň «Ärsary ýolunda ýerine ýetirilýän aýdymlar», mekdebiň mugallymlary Umyt Mustakowyň «Mustak Aýmedowyň ýerine ýetirijilik aýratynlyklary», Humaý Döwranowanyň «Mustak Aýmedowyň döredijiligi», Mährem Jumaýewiň «Ärsary ýolunyň aýratynlyklary» atly ýörite taýýarlan çykyşlary bilen dowam etdi. Maslahatda ussat bagşa bagyşlanan wideoşekiller görkezildi.

Ussat bagşynyň nebereleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen maslahat onuň ýoluny dowam edýän Ö.Atakow, J.Orunow, G.Öwezow, T.Atakow, U.Mustakow, L.Resulowa ýaly bagşylar «Mama sen», «Getirdim», «Kylan işime», «Sazy bagşynyň» ýaly aýdymlary belent heňde ýerine ýetirdiler. Mekdebiň dutarçylar ansambly «Öwez jan», «Gözüm düşdi», «San bolsaň», «Mala seretmez», «Zöhre nalyşy» ýaly türkmen halk aýdym-sazlary bilen bezediler.

Bu ýerde guralan sergide milli bagşyçylyk sungatymyzyň ärsary ýolunyň ussady Mustak Aýmedowyň ömri we döredijiligine bagyşlanan döwürleýin neşirlere we fotosuratlara uly orun berildi.