logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HALYPANYŇ ÝOLY–ŞÄGIRTLERE ÝÖRELGE

HALYPANYŇ ÝOLY–ŞÄGIRTLERE ÝÖRELGE

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylymyzyň her bir güni uly ruhybelentlik bilen geçirilýän çärelere utgaşýar. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher medeniýet öýünde Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Mustak Aýmedowyň ömri-döredijiligine bagyşlanan «Halypanyň ýoly–şägirtlere ýörelge» atly ylmy–amaly maslahat geçirildi.

Bu maslahatda çykyş eden görnükli medeniýet we sungat işgärleri halypanyň döredijiligi barada giňişleýin gürrüň etdiler. Milli senedimiziň, sungatymyzyň ençeme asyrlaryň dowamyndan gözbaş alyp gaýtmagy bilen oňa ser salsaň, genji hazynamyza öwrülip giden meşhur ussat halypalarymyzyň döreden aýdymdyr sazlarynyň bize gelip ýeten nusgalarynyň bolmagy diýseň guwandyryjydyr.

Maslahata gatnaşyjylar muzeý gymmatlyklaryndan taýýarlanan göçme sergä uly ruhubelentlik bilen tomaşa etdiler.