Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Arkadag şäheriniň iňlis diline ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebinde «Haly –türkmeniň kalby» atly söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen zenanlaryň näzik elleri bilen keser tutup, çitim çitip döreden ajaýyp sungat eseri bolan nepis halylarymyzy dokamagyň syrlary, bu inçe sungady döretmekde ulanylýan gurallar, sapaklaryň aýratynlygy, reňk öwüşgini barada täsirli gürrüňler edildi. Halyçylyk sungaty gerekli bolan dürli gurallar hem-de dürli haly önümleri esasynda gurnalan göçme sergi hem okuwçy gyzlara aýratyn täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda milliliklerimizi ýaş nesillerimize has giňişleýin ýetirmek babatda uly aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.