Bеrkarar döwlеtiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hоrmatly Prеzidеntimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, milli sungatymyz dost-doganlygyň nyşany bolup dünýä ýaýylýar. Medeniýet we sungat ussatlarymyza halkara derejesindäki festiwallara gatnaşyp, milli sungatymyzyň dürdänelerini Ýer ýüzüniň halklaryna ýеtirmägе giň mümkinçilikler döredilýär.
Şu ýylyň 14-15-nji maýy aralygynda, Azerbaýjan Respublikasynyň Şuşa şäherinde geçirilýän «Hary bülbül» atly 9-njy halkara festiwalyna ençeme döwletlerden döredijilik toparlary gatnaşyp, ýurdumyzdan bu festiwala «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar» müdirliginiň Medeni-işewürlik merkeziniň «Galkynyş» folklor topary gatnaşyp, milli folklor sungatymyzy halkara derejesinde dabaralandyrdylar.
Halkara festiwalda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar» müdirliginiň Medeni-işewürlik merkeziniň «Galkynyş» folklor toparynyň çykyşlary milli sungatymyzyň köpöwüşginliligini açyp görkezdi.
Taýýarlan Ogulgurban GAŞLAKOWA,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni