Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda medeniýet we sungat, ylym-bilim syýasaty giňden öňe sürülýär. Ýurdumyzda ýaşlary aýdym-saza, sungata höweslendirmek babatda uly işler alnyp barylýar. Medeniýet hepdelikleriniň geçirilmegi, bäsleşikleriň, festiwallaryň, konsertleriň yzygider gurnalmagy aýdylanlaryň subutnamasyna öwrülýär.
Aýdym-saz sungatyndan ýokary bilim berýän Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda talyplar halypa mugallymlardan tälim alyp, saz barada umumy medeniýet we sungat barada ençeme zatlary öwrenip saza içgin aralaşýarlar. Ýokary okuw mekdebimizde mugallymlar zehinli talyp ýaşlaryň ýerine ýetirijiligini ösdürmekde olary yzygiderli konsert çykyşlaryna taýýarlamak işlerini hem alyp barýarlar. Ýakynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly mynasybetli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hasabat konserdinde hem zehinli ýaşlaryň birnäçesini öz hünärlerinden ýokary derejede taýýarlygyny görkezmegi başardylar. Konserdiň dowamynda bagtyýar talyp ýaşlary diňe türkmen kompozitorlarynyň eserlerini däl-de, eýsem daşary ýurt kompozitorlarynyň hem dünýä meşhur eserlerini ussatlarça ýerine ýetirdiler
Ýerine ýetirilen eserlerden «Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary» hünäriniň 5-nji ýyl talyby Rasul Nagiýewiň we 2-nji ýyl talyby Kerwen Mirzoýewiň F.Mendelsonyň «Trio» eseri, «Kirişli saz gurallary» hünäriniň 3-nji ýyl talyby Ismail Sähetmyradowyň ýerine ýetiren rus kompozitory P.Çaýkowskiniň «Skerso» atly eserini, «Fortepiano» hünäriniň 4-nji ýyl talyby Şaislam Komiljanowyň ýerine ýetiren F.Şopeniň Etýud №24 eseri, «Aýdym sungaty» hünäriniň 5-nji ýyl talyby Sähra Akmämmedowanyň ýerine ýetiren belli türkmen kompozitory D.Öwezow, A.Şapoşnikowyň «Şasenem-Garyp» operasyndan Şasenemiň ariýasy ýaly eserleri diňleýjiler köpçüligi üçin ýatda galyjy eserler boldy.
Hasabat konserdiniň ahyrynda konserwatoriýanyň bagşylar ansamblynyň ýerine ýetiren «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» atly aýdymy dabara gatnaşyjylaryň adyndan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş bolup ýaňlandy.