logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HASYL TOÝY BEREKEDIŇ MEKANY

Garaşsyz Diýarymyzyň her bir güni şanly wakalara, baýramçylyk senelerine beslenýär. Ynha, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” agzybir türkmen halky her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilýän Hasyl toýuna uly taýýarlyk görýär. Bu baýramçylyk ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hem giň gerime eýe bolýar. Biziň Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanamyzda hem baýramçylyga bagyşlap sergiler we çäreler geçirilýär. Çünki bu sene ene topraga yhlas siňdirip, aýratyn aladalanýan oba zähmetkeşlerimiziň, daýhanlarymyzdyr kärendeçilerimiziň arly ýyl çeken zähmetiniň netijelerine, miwelerine guwanmak mümkinçiligini döredýär. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny özgertmek boýunça döredilýän mümkinçilikleriň netijesinde daýhanlarymyz ýylyň-ýylyna ýerden bol hasyl alyp, Diýarymyzda azyk bolçulygynyň döredilmegine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Edermen daýhanlarymyzyň yhlas siňdirip ýetişdirýän gök-bakja önümlerini, miweleri diňe bir ýurdumyzyň ak bazarlaryny bezemän, eýsem, daşary ýurtlara hem yzygiderli ugradylýar. Esasan hem güneşli ülkämizde mes toprakly ýerlerimizden önýän gök-bakja ekinlerine isleg bildirýänleriň sany soňky ýyllarda has hem artyp ugrady. Şeýle hem edermen babadaýhanlarymyzyň asylly zähmeti bilen bazarlarymyz, söwda nokatlarymyz, bereketli desterhanlarymyz ýylyň islendik paslynda hem ter önümlerden doly. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzyň ady, şöhraty, mertebesi bu gün dünýä dolýar halkymyzyň parahat we abadan ýaşaýyşyny üpjün etmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen oba hojalyk pudagynda belent sepgitlere, uly üstünliklere ýetildi. Oba zähmetkeşleriniň zähmetsöýerligi we taýsyz tagallalary bilen eziz Diýarymyz gülläp ösýär. Topraga alyn derini siňdirip, bol hasyl alýan babadaýhanlarymyzyň hormaty aýratyn sarpalanyp, olaryň şanyna her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde Watanymyzyň ähli künjeklerinde Hasyl toýy ýokary derejede toýlanylýar.

Türkmen halkymyza mukaddes topragymyzdan bol hasyl alýan babadaýhanlarymyza päk zähmetiň miwesini görmäge, bagtyýar durmuşda ýaşamaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür arzuw edýäris!