logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HASYL TOÝY-BEREKET BAÝRAMY

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda “Türkmenistan” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde “Hasyl toýy–bereket baýramy” atly söhbetdeşlik geçirdi. Häzirki ajaýyp döwrümizde oba hojalyk pudagynda gazanylýan oňyn özgertmeler döwrüň ruhy bilen kemal tapýar. Şeýle giň möçberli maksatnamalaýyn işleriň netijesinde bu iri pudakda belent sepgitler gazanylyp, toprakdan bol hasyl alynýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen neşir edilen “Bereketli türkmen saçagy” atly kitapda dünýäde iň gadymy hasaplanylýan ak bugdaý we iň süýji gawunlar biziň şöhratly pederlerimiz tarapyndan ösdürülip ýetişdirilendigi we olaryň ussatly, zähmetsöýerligi baradaky beýan edilen maglumatlar barada hem täsirli söhbet edildi. Sahawatly türkmen topragynyň hasyllylygyny, saçaklarymyzyň berekedini hem egsilmez rysgalyny alamatlandyrýan Hasyl toýy beýik maksatlara ruhlandyrýan milli baýram hökmünde her ýyl uly joşguna beslenip, dabaralanýar.

Çäräniň ahyrynda şeýle belent başlangyçlaryň we gazanylýan üstünlikleriň sakasynda duran Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar beýan edildi.