logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HATYRA GÜNI- HAKYDA GÜNI

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe paýhasly pederlerimize, watan gerçeklerine çäksiz hormat-sarpa goýulýar. Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, 1948–nji ýylyň 6-njy oktýabrynda Aşgabat ýer titremesinde şehit bolanlaryň hatyrasy belent tutulýar. Her ýylyň 6-njy oktýabry–Hatyra güni şu asylly ýörelgeler döwlet derejesinde dowam edýär. Şol pajygaly gün müňlerçe türkmenistanlylaryň ömür tanapyny juda ir kesdi. Adam ýitgilerinden başga-da döwlet täsin arhitektura ýädygärliklerini, köpsanly ýazuw çeşmelerini, arheologiki tapyndylaryny we etnografik gymmatlyklaryny ýitirdi. Bu pajygaly gün tebigy heläkçilik halkyň hakydasynda entek- enteklerem baky ýaşaýar. Hatyra däbine eýerilip şol güni öten geçileni ýatlap sadaka berilýär, töwür galdyrylýar.

Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Hatyra günine bagyşlanan «Hatyra güni-hakyda güni» atly sergi gurnaldy. Sergi birnäçe bölümden ybarat bolup, muzeýiň gaznalarynda saklanýan milli gymmatlyklar görkezildi. Sergide Aşgabat şäheriniň ýer titremesindäki durkuny görkezýän fotosuratlar, şol döwre degişli dürli hili tapyndylar, muzeý gymmatlyklary öz beýanyny tapýar. Hatyra däbi halkymyzyň müňlerçe ýyla uzaýan ruhy–medeni gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegidir. Pederleri sarpalap, öten-geçenleriň hatyralap, ynsanperwer beýik işleri tutuş dünýäde dabaralandyrýan parahatçylygyň beýik taglymatçysy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçly menzillerde rowaçlyklara beslensin .


Uzukjemal ÝAZJUMAÝEWA

Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň baş gazna saklaýjysy