logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HATYRA GÜNI–HAKYDA GÜNI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň gurnamagynda, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynyň talyplarynyň gatnaşmagynda «Hatyra güni –hakyda güni» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Çärede çykyş edenler ýurdumyzda Watan gerçekleriniň gahrymançylyklaryna çäksiz hormat goýulýandygyny, olaryň edermenlikleri çuňňur sarpalanýandygy barada belläp geçdiler. Şeýle-de her ýylyň 6-njy oktýabrynda Hatyra gününiň bellenip geçilmegi, şol asylly işleriň aýdyň mysaly bolup durýandygy, bagtyýar halkymyz özleriniň bu günki ajaýyp durmuşy üçin Watan ogullarynyň hatyrasyny belentden tutup, olaryň ýadygärliklerine tagzym edip, gerçekleriň synmaz ruhuna sarpasyny bildirýändigi barada gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkyny eşretli döwrana ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleriniň hemişe rowaç almagyny arzuw etdiler.