logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Hatyra gününe bagyşlanan sergi

Her ýylyň 6-njy oktýabrynda Türkmenistanda söweş meýdanlarynda wepat bolanlary hem-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde şehit bolanlary ýatlap, Hatyra güni bellenilýär, aýat-töwir okalyp, sadakalar berilýär. Ýurdumyzyň gahrymanlarynyň hakydasyny hatyralamak, ata-babalarymyzyň köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan çuňňur ynsanperwer ýörelgeleriniň biri bolup, türkmen halkynyň ruhymedeni gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegidir. Aýratyn ähmiýetli seneleri bilelikde bellemek däbi asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýar. Nesilleriň agzybirligi we jebisligi häzirki türkmen jemgyýetinde mizemezdir. Türkmen halky agyr ýitgilere sezewar bolanda-da, mähriban topragymyza çäksiz söýginiň, agzybirligiň, öz güýjüne ynamyň we durmuşy söýmegiň netijesinde kynçylyklary ýeňip geçmegi başarypdyr. Häzirki wagtda Aşgabat ak mermer binalara beslenen şähere öwrüldi. Agyr synaglardan geçen paýtagtymyz gaýtadan dikeldildi we parahatçylygyň, asudalygyň, abadançylygyň mekanyna öwrüldi.

Ata-babalarymyzyň görkezen gahrymançylyklary ýurdumyzyň ýaş nesilleri üçin nusgalykdyr. Hatyra güni milletimizi birleşdirýär we jebisleşdirýär. Öten-geçenleri ýatlamak dessury türkmen halkynyň gadymy ynsanperwer ýörelgeleriniň hatarynda aýratyn orun eýeleýär.

Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Hatyra gününe bagyşlanan «Hatyra güni-hakyda güni» atly sergi gurnaldy. Birnäçe bölümden ybarat bolan bu sergide Aşgabat şäheriniň ýer titremesindäki durkuny görkezýän fotosuratlar, şol döwre degişli dürli tapyndylar, muzeý gymmatlyklary öz beýanyny tapýar.

Pederleri sarpalap, öten-geçenleri hatyralap, ynsanperwer beýik işleri dünýäde dabaralandyrýan parahatçylygyň beýik taglymatçysy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri uly üstünliklere beslensin.

Nowça Babanyýazowa,
Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri.