logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HATYRALANMAK MUKADDES DESSUR

Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 26-njy orta mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda Hatyra güni mynasybetli «Hatyralanmak mukaddes dessur» ady bilen kitap sergisi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi.

Çärede çykyş edenler ýurdumyzda edermen Watan goragçylaryny hem-de tebigy betbagtçylykda pida bolanlary hatyralamak däbi halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ynsanperwer ýörelgeleri bolup durýandygy hem-de, olary hormat-sarpa bilen ýatlamak ata-babalarymyzyň gahrymançylykly ýoluny häzirki nesillere ýetirmekde ähmiýetiniň örän uludygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Hatyra güni mynasybetli gurnalan kitap sergisinde ýerleşdirilen kitaplar bilen tanyşdyryldy.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda şöhratly taryhymyzy öwrenmäge, ýaş nesillerimize wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.