Türkmenistanyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky Monako Knýazlygyna iş saparyny amala aşyrdy. Monako Knýazlygynda «Parahatçylyk ynanyşmak we çagalary goramak ugrunda sport we ynsanperwer hyzmatdaşlygy» atly maslahaty geçirildi.
Şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Monako Knýazlygyna saparynyň dowamynda medeni-ynsanperwer ulgamda gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň, şol sanda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň uly geljeginiň bardygy bellenildi. Gaznanyň wise-prezidentiniň dostlukly döwlete bolan saparynyň çäklerinde bu babatdaky meselelere-de garaldy.