logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HAZARYŇ TÜRKMEN KENARY-GIŇ MÖÇBERLI HALKARA FORUMYŇ GEÇIRILÝÄN MERKEZI

3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň resmi wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar.

Baýdak galdyrmak dabarasy möhüm çäräniň başlanýandygyny aňlatmak bilen, adatça, çäräni kabul edýän ýurduň hem-de BMG-niň baýdaklarynyň galdyrylmagyny öz içine alýar. Şu gezekki dabara Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň ählumumy abadançylyga, durnukly ösüşe gönükdirilen maksatlaryna ygrarlydygyny hem-de bu ugurda tagallalary birleşdirmäge taýýardygyny ýene-de bir gezek görkezdi.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna, Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna beslenýän şu ýylda şeýle wekilçilikli forumyň ýurdumyzda geçirilmegi wajyp ähmiýete eýedir. Munuň özi ýurdumyzyň ählumumy abadançylygy, howpsuzlygy üpjün etmegiň bähbidine netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak, durnukly energetika, ulag, ekologiýa, daşky gurşawy goramak ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygynyň aýdyň beýanydyr. Giň gerimli foruma ençeme döwletleriň Baştutanlarynyň, abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyryp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejeli çäreleriň yzygiderli geçirilýän merkezine öwrülendigini alamatlandyrýar.

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahat Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany açar. Onuň giň gerimli maksatnamasy ösüş üçin zerur bolan wezipeleri çözmäge, uzak möhletleýin geljek üçin hyzmatdaşlygyň täze, möhüm ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirilendir. Bu bolsa Bitarap Türkmenistanyň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirilýändigini nobatdaky gezek subut eder.