logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HAZARYŇ TÜRKMEN KENARY: MÖHÜM WAKALARYŇ ŞAÝADY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň merkezi ylmy kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Hazaryň türkmen kenary: möhüm wakalaryň şaýady» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlik çykyş edenler Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Hazaryň kenarynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyny geçirmek we onuň çäklerinde beýleki medeni-ynsanperwer çäreleri ýaýbaňlandyrmak arkaly Türkmenistanyň dünýä ýurtlarynyň arasynda dostluk köprüleriniň binýadyny has-da berkider» diýip belleýşi ýaly, dostluk mekany Awazada üstünlikli geçiriljek halkara forumda gazanyljak ylalaşyklar, kabul ediljek çözgütler Bitarap döwletimiziň döwrebap ulag-logistika ulgamynyň sebit we yklym ähmiýetli ýollaryň ösmegindäki ähmiýetini has-da artdyryp, dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň, durnukly ösüşiň rowaçlanmagynda möhüm ähmiýete eýe bolar diýip belläp geçdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler, ýurdumyzyň at-abraýyny dünýä derejesinde has-da ösdürmekde, halkara gatnaşyklary pugtalandyrmakda alyp barýan döwlet ähmiýetli işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.