logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HÄZIRKI ZAMAN JEMGYÝETINDE ZENANLARYŇ ORNY: DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BÄHBIDINE HALKARA HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEK

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, hem-de Arkadag teleýaýlymy bilen bilelikde gurnamagynda “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek” atly söhbetdeşlik geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda mährem enelerimize, zenanlarymyza goýulan hormat belent derejelere göterilýär. Ine bu günki gün hem “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyň iri halkara çäreleriň geçirilýän merkezine öwrüldi.

Ýurdumyzda Döwlet tarapyndan gelin-gyzlara dürli ýeňillikler berilýär, olaryň mynasyp ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikler döredilip, kanunçylyk esasynda gender deňligi üpjün edilýär. Bu ugurdaky anyk tagallalara halkara bileleşik tarapyndan ýokary baha berilýär. Bu günki gün bolsa bag¬ty¬ýar ze¬nan¬la-rymyz jem¬gy¬ýet¬çi¬lik ösü¬şi¬niň äh¬li ugur¬la¬ry¬na – milli parlamente we adam hukuklary guramasyna, ministrlige, ylym we bilim edaralaryna, köpçülikleýin habar beriş serişdelerine ýolbaşçylyk edýärler, telekeçilik işini üstünlikli ösdürýär we beýleki pudaklarda üstünlik gazanýarlar.

Ýurdumyz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň çäginde “Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” atly halkara geňeşmeleri geçirmek başlangyjyny öňe sürýär. Bu format dünýä gurluşynda we sebit hyzmatdaşlygy meselelerinde zenanlaryň ornuny pugtalandyrmaga mümkinçilik berýär.

Söhbetdeşligiň ahyrynda agzybir türkmen halkyny eşretli zamanada ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il ýurt bähbitli umumy adamzat ähmiýetli işleri elmydama rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.